Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp Eýran bilen ýaraşyk möhletini uzaltmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen arada atyşygy iki hepdelik bes etmek barada gelnen ylalaşygyň möhletini uzaltmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.

"Bu dürli ýagdaýda gutaryp biler, ýöne meniň pikirimçe, ylalaşyk has gowy, sebäbi şonda olar täzeden gurup bilerler" diýip, Tramp 14-nji aprel güni giçlik ABC News neşiriniň habarçysy Jonatan Karla beren interwýusynda aýtdy.

Geçen hepdäniň aýagynda Yslamabatda geçirilen parahatçylyk gepleşiklerine mümkinçilik bermek üçin, iki tarap 7-nji aprelde urşuň togtadylmagy barada ylalaşyga geldi.

11-12-nji aprelde geçirilen gepleşikler 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana uran howa zarbalary bilen başlanan urşy soňlamak barada ylalaşyk gazanylmagyna alyp gelmedi.

Tramp 14-nji aprelde Eýran bilen geçirilýän gepleşikleriň täze tapgyrynyň bir ýa-da iki günüň içinde, täzeden başlanyp biljekdigini aýtdy.

Şu aralykda, ABŞ-nyň harby güýçleri 14-nji aprelde çäklendiriji çäräniň ilkinji 24 sagadynda Eýrana barýan ýa-da Eýrandan gelýän gämileri nyşana alan deňiz petiklemesinden hiç bir gäminiň geçip bilmändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, yzarlaýyş gullugynyň maglumatlary bu döwürde Eýran bilen ilteşikli gämileriň birnäçesiniň Hormuz bogazyndan geçendigini görkezýär.

Şeýle-de, şu aralykda Ysraýyl bilen Liwanyň 14-nji aprelde Waşingtonda iki sagat töweregi dowam eden göni gepleşikler tapgyryny tamamlandygy mälim boldy.

Bu iki ýurduň arasynda 1983-nji ýyldan bäri şeýle ýagdaýda guralan ilkinji gepleşik boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus