Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Men ýol ýazgylarymda özge ýurtlar bilen türkmen dünýäsiniň arasynda baglanyşyk gözledim' – ýazyjy

Biz geçen gepleşigimizde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň golaýda çapdan çykan täze edebi eserleri barada ýazyjynyň özi bilen söhbetdeşlik geçirdik. Nobatdaky programmamyzda şol gürrüňdeşligiň ikinji bölümi diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär.

Birinji bölümde agzalan esasy temalara gysgaça salgylansak, ýazyjy söhbetdeşligiň başynda 11 jiltlik eseriň ylham çeşmeleri, özüniň irki döredijilik ýyllary barada gürrüň berdi.

Bu eserler ýyllaryň tejribesinden gözbaş alyp, ýazyjynyň özüniň hem tassyklamagyna görä, ýakyn taryhda türkmen giňişliginde yz galdyran beýik syýasy we edebi şahslara şaýatlyk edýär, olaryň jemgyýetde galdyran täsirini dokumentleşdirýär.

Meselem, awtor eserler toplumynyň “Zamana” atly 6-njy jildinde Suhan Babaýew, Balyş Öwezow, Muhammetnazar Gapurow we Saparmyrat Nyýazow ýaly syýasy şahslar baradaky makalalara orun beripdir.

Kitabyň “Döwür we galam” atlandyrylan 7-nji tomunda türkmeniň ýakyn taryhynyň edebiýat ägirtleri, Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Hydyr Derýaýew, Çary Aşyr, Beki Seýtek, Gara Seýitli, Gyly Kuly, Gurbandurdy Gurbansähet ýaly ýazyjylar ýatlanýar, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine “Zeburyň” ýetiren täsirleri hem şu jiltde agzalýar.

“Galkynyş” kitabynda Kerim Gurbannepes, Naryman Juma, Mämmet Seýit, Paýzy Oraz, Ýylgaý Durdy we Halyl Kuly ýaly ýazyjylar barada makalalar girizilipdir. Ýatlasak, geçen gepleşikde kitaplaryň awtory özüniň Halyl Kuly bilen Aşgabatda goňşuçylykda ýaşan döwürleri barada gürrüň berdi.

Gurbannazar Eziz, Akmyrat Şir, Bapba Gökleň, Ahmet Bekmyrat, galyberse-de Nobatguly Rejep we Osman Öde ýaly, hususan-da, soňky ýaş nesliň wekilleriniň aglabasynyň özlerine has ýakyn hasaplaýan döredijilik adamlary baradaky söhbet kitaplar toplumynyň “Güneýde galanlar” atly Dokuzynjy tomuna girizilipdir.

Türkmenistanyň edebiýat giňişliginde özge pikir öwüşginleri çaýylan eserler ýygy-ýygydan çap edilip durulmaýar. Demokratik Türkmenistany arzuw edýän we azat pikire, erkin hem-de açyk jemgyýete ymtylýan, şeýle gymmatlyklara, pikir we syýasy plýuralizme goşant goşýan, halk derdine derman gözleýän özge pikirli az sanly türkmen ýazyjysynyň döredijilik işleri häzirki Türkmenistanda kän bir goldaw tapmaýar. Şol sebäpden, eger-de diňleýjilerimiz täze edebi eserlere gyzyklanma bildirseler, ýazyjy Hudaýberdi Hally şu gepleşikde täze kitaplary sargamagyň ýollary barada hem maglumat berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus