Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Elektrik energiýasynyň öçüp durmagy ýangyna sebäp bolýar

Türkmenistanyň ilatly ýerlerinde elektrik energiýasynyň dowamly öçürilmegi dowam etdirilýär. Toksuz kösenýän ýaşaýjylaryň aladalary esasy durmuş zerurlyklaryndan mahrum bolmagy bilen çäklenmän, eýsem howpsuzlyk töwekgelçilikleri bilen hem bagly bolýar.

Azatlygyň dürli welaýatlardaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýaşaýyş jaýlaryň elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli öçüp durmagy öýlerdäki elektrik enjamlarynyň ýanmagyna getirýär. Şeýle-de, toguň güýji üýtgäp durýar, birden gowşap, soň güýçlenýän pursatlarynda "tok simlerinde uçgun çykyp gidyär".

"Öýde adam bolmasa, öýi ot alyp bilyär" diýip, habarçylarymyzyň biri belledi.

Türkmenistanyň Daşoguz, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde şu tomus yzly-yzyna bökdençlikler ýüze çykýar. Ýaşaýjylar uzak wagtlap elektrik energiýasyz galýar. Ilata duýduryş we düşündiriş berilmeýär.

Habarçylarymyz toguň duýdansyz kesilmeginiň ýangyna sebäp bolýandygyny belleýärler.

"Bir hojalykdaky agzalar uzak günlük işe gidip, öýde adam galmandy. Şol gün 4 sagatlap elektrik togy öçürildi we elektrik togy berlende, güýçli gelip, öýüň tok simlerinde näsazlyk döredi, öýi ot aldy. Öý eýeleri gelýänçä öýden hiç zat galmady" diýip, şu aýda bolan bu ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Başga bir çeşme şol öýüň daş-töwereginde ýaşaýan ýaşaýjylaryň ody özbaşdak öçürüp bilmändigini we çagyrylan ýangyn söndürijileriň wagtynda gelip ýetişmändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriň howpsuzlyk aladalary sebäpli bu ýagdaý barada goşmaça maglumat bermekden saklanýar.

Häkimiýetler toguň öçürmeginiň sebäplerini düşündirmeýärkä, ýaşaýjylar öz öýleriniň ýangyn howpsuzlygyny alada edýärler.

"Adamlar indi öýlerini goýup gitmekden gorkýarlar. Iki sagatlyk öýden gitjek bolsaň ähli tokly enjamlaryňy öçürip gitmeli bolýar. Günde birnäçe sagatlap öçürilýän tok holodilnikde iýmitiň zaýalanmagyna eltýär" diýip, habarçy aýdýar.

Elektrik energiýasy dürli wagtda öçüp bilýär. Agşamlaryna ýaşaýjylar şem ýakyp gününi görmeli bolýar.

Elektrik energiýasynyň yzly-yzyna we duýdansyz öçürilmeginden dükanlar, kafe-restoranlar hem zyýan çekýär, harytlar zaýalanýar. Uly çykdajy edip, toý geçirýän maşgalalaryň baýramçylygy garaňkyda geçýär.

"Adamlar indi niräk arz etjegini bilmeýärler. Hiç ýerde toguň näme sebäpden öçürilýändigini bilmeýärler we düşündirmeýärler" diýip, çeşme aýdýar.

Häkimiýetlerden resmi düşündiriş alyp bilmeýän ýaşaýjylar bu ýagdaýa özüçe düşündiriş tapmaga synanyşýarlar.

"Ýaşaýjylar öz arasynda Arkadag şäherine tok ýetmeýändigi sebäpli her gün bir obanyň ýa-da etrabyň toguny öçürýärler diýýärler. Ýene birleri togy ýurduň içinde tygşytlap, daşary ýurtlara satýarlar diýip, pikir edýärler" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistan elektrik energiýasyny uly mukdarda öndürip, sebit goňşularyna satýar. Ýurduň iri elektrostansiýalary Maryda, Türkmenbaşyda, Abadanda, Balkanabatda, Seýdide, Aşgabatda, Daşoguzda, Awazada we beýleki sebitlerde ýerleşýär.

Türkmen häkimiýetleri ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligindäki bökdençlikleriň ýyllarboýy yzly-yzyna ýüze çykmagynyň sebäplerini düşündirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus