Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çärjew etrabynyň kanallarynda ölen mallaryň jesetleri ‘ýüzýär’

Lebap welaýatynyň Çarçew etrabynyň ýaşaýjylary kanallardan akyp gelýän iri we ownuk mallaryň jesetlerini tapýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

Çärjew etrabynyň Guşçylar obasynda bir ýerli ýaşaýjy 13-nji awgustda, 22-nji mekdebiň golaýyndan geçýän esasy suwaryş kanalynda akym ugruna akyp barýan dört sany sygryň çişen jesetlerini gördi.

"Şol wagt çagalar kanalda suwa düşýärdiler. Men olaryň suwdan çykmagyny haýyş etdim" diýip, ol adam “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna aýdypdyr.

14-nji awgustda bolsa, şol obanyň mekdep okuwçylary Merkezi hassahananyň golaýyndaky kanalda akyp barýan geçi jesetlerini görüpdirler.

Olaryň sözlerine görä, haýwanlaryň galyndylaryny ol ýerden çykarmak üçin iki adam suwa giripdir.

Şol gün Farabyň ýaşaýjylary hem şuňa meňzeş waka barada habar berdiler. Olar etrap sanitariýa gözegçilik gullugyna ýüz tutdular, ýöne hiç hili reaksiýa bolmady diýip, habarda aýdylýar.

Azatlygyň habarçylary hem ýurtda dürli kesellerden, horlukdan ölýän mallaryň köpelýändigini yzygiderli habar berýärler. Türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus