Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rim papasy Fransisk agyr keselden soň, 88 ýaşynda aradan çykdy

Rim papasy Fransisk Pasha Duşenbesinde, 21-nji aprel güni irden agyr pnewmoniýa keselinden soň, 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Watikanyň teleýaýlymy arkaly kardinal Kewin Farrell mälim etdi.

Aradan çykmazyndan bir gün öň, Pasha baýramçylygynyň dowamynda pontifik köpçüligiň öňünde ilkinji uly çykyşyny edipdi.

Papa Fransisk Rim-katolik kilisesiniň 266-njy papasy bolup, ol Amerikadan saýlanan ilkinji we soňky müň ýylda Ýewropanyň daşyndan saýlanan ilkinji pontifik bolupdy.

Fransiskiň aradan çykmagy bilen dünýäniň dürli künjeginden gynanç hatlary we hormat sözleri gelip gowuşýar.

Dogluş ady Horhe Mario Bergoglio bolan Fransisk Buenos Airesde, Italiýadan gelen immigrantlaryň maşgalasynda dünýä inipdi. Ilki himiýa hünärmeni bolup işlän Bergoglio, 1958-nji ýylda ýezuitler goşulypdy. 1969-njy ýylda ruhanylyk wezipesine bellenip, 1973–1979 ýyllarda Argentinanyň ýezuitleriniň baş ruhanysy wezipesinde işländi.

1998-nji ýylda Buenos Airesiň arhiýepiskopy wezipesine bellenip, mundan üç ýyl soňra papa Ioann Pawel II tarapyndan kardinallyk derejesine çykaryldy.

2013-nji ýylda papa Benedikt XVI wezipesinden çekilenden soň, Bergoglio papa saýlanyp, Assizili mukaddes Fransisiň hormatyna “Fransisk” adyny aldy.

Fransisk Watikanyň maliýe ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmäge çalyşdy we kilisede ruhanylar tarapyndan edilýän jynsy kemsitmelere garşy çäreleri güýçlendirdi. 2025-nji ýylda “Umyt” atly awtobiografiýasyny neşir edipdi.

Soňky ýyllarda onuň saglyk ýagdaýy gowşap başlady. 2021-nji ýylda içege operasiýasyny, 2023-nji ýylda bolsa garyn operasiýasyny geçiripdi. Ol yzygiderli dyz we arka agyrylary bilen ýüzbe-ýüz bolup, köplenç tigirli oturgyçda hereket edýärdi.

2025-nji ýylyň başynda papa Fransisk köp görnüşli dem alyş ýollarynyň ýokanjy bilen keselhana ýerleşdirildi. Keseli iki-taraplaýyn pnewmoniýa öwrüldi we ol uzak wagtlap keselhanada bejergi aldy. 23-nji martda keselhanadan çykaryldy, emma onuň ýagdaýy doly dikelmedi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus