Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanda saparda bolup, iki ýurduň DIM-leri derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirdi we öňde duran ýikary derejeli çäreleri maslahatlaşdy, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen hökümetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi.


Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1,1 milliard dollardan geçdi, bilelikde “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy döredilýär, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk dowam edýär.


26-27-nji ýanwarda geçirilen geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi maslahatlaşylyp, bu ösüşde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy.


Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda daşary syýasy edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeleriň, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň ähmiýetini bellediler.


Ulag-logistika, energetika, suw we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi, medeniýet günlerini geçirmek tejribesiniň wajyplygyny, ylym, bilim, kinematografiýa babatda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellendi.


Geňeşmeleriň ahyrynda iki ýurduň DIM-leriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we iki ministrligiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus