Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň 'iň gymmat oýunçysy' Gyrgyzystandan Belarusa geçdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 24 ýaşly ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew Gyrgyzystandaky oýnuny bes edip, “Torpedo-BelAZ” toparyna geçdi. Belarus metbugaty, “Uho” telegram kanalyna salgylanyp, onuň belarus futbol klubynyň düzüminde synaga gelendigini 16-njy ýanwarda habar berdi.


Habarda bellenmegine görä, Çaryýew “Abdyş-Ata” futbol klubynyň düzüminde 47 oýna gatnaşyp, Gyrgyzystanyň iki gezek çempiony boldy.


Bu döwürde onuň derwezä dört pökgi salandygy, pökgi geçirip, sekiz goluň salynmagyna kömek edendigi aýdylýar.


“Awtozawodçylar” 2024-möwsüminde geçirilen 30 duşuşykda 62 utuk toplap, Ýokary ligada üçünji orny eýelediler.


Neşiriň “Transfermarkt” saýtynyň maglumatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Çaryýew Türkmenistanyň iň gymmat bahaly futbolçysy bolup, onuň belarus futbol klubyna geçmegi üçin 300 müň ýewro tölenipdir.


“Elbetde, özbek futbolçysy Abdukodir Husanowyň 40 million ýewro tölegi esasynda “Mançester Siti” futbol klubyna geçirilmeginiň fonunda, biziň ýigidimiziň gazanan üstünligi beýle uly görünmeýär” diýip, hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin öz feýsbuk sahypasynda Teýmura mundan beýläk hem rowaçlyk arzuw edipdir.


Türkmen türgeniniň täze topary barada häzirlikçe diňe bir türkmen neşiri, jankoyer.com habar berip, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew şu günler Belarus Respublikasynyň «Torpedo-BelAZ» toparynda gözden geçirilýändigini aýdypdyr.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus