Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Geçen ýyl Eýranda 900-den gowrak adamyň ölüm jezasy ýerine ýetirildi

Eýran 2024-nji ýylda azyndan 901 adamy, şol sanda 31 aýaly jezalandyryp öldürdi. Ölüm jezasy ýerine ýetirilen aýallaryň käbiri zorlanmagyna ýa-da beýleki maşgala zorluklaryna garşy durýan wagtynda ärlerini öldürmekde günäli tapyldy.


Jezalandyrylyp öldürilenleriň sany soňky dokuz ýylda iň ýokary derejesine ýetdi we Birleşen Milletler Guramasynda gahar-gazap döretdi.


BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissary 7-nji ýanwarda çap eden hasabatynda ölüm jezasy berlenleriň 40-a golaýynyň höküminiň diňe dekabr aýynyň soňky hepdesinde ýerine ýetirilendigini aýtdy.


"Soňky bir ýylda Eýranda jezalandyrylyp öldürilýänleriň sanynyň köpelmegi örän aladalandyryjy ýagdaý" diýip, ýokary komissar Wolker Turk aýtdy.


"Eýranyň ölüm jezalarynyň hemişe ýokarlanmagynyň öňüni almagyň wagty geldi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


BMG ölüm jezasy berlenleriň köpüsiniň neşe bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin günäli tapylandygyny aýtdy, ýöne 2022-nji ýylda geçirilen protestler bilen baglanyşykly dissidentleriň we adamlaryň hem jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy.


2022-nji ýylda Eýranda hijap düzgünini bozandygy sebäpli tussag edilen we tussaglykda ölen ýaş zenan Mahsa Amininiň goldawyna uly protest çäreleri geçirildi.


Protest wagtynda aýallar we gyzlar başlaryndaky ýaglyklaryny aýyrdylar we ýakdylar.


Häkimiýetler demonstrantlara rehimsiz basyş edip, ýüzlerçe adamy öldürdi we müňlerçe adamy tussag etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus