Azerbaýjan we Ermenistan birnäçe hoşniýetlilik ädimlere, tussaglary boşatmaga razy boldular
Ermenistanyň premýer-ministriniň edarasynyň we Azerbaýjanyň prezident diwanynyň ýaýradan bilelikdäki beýanatynda taraplaryň ikisiniň-de tussaglaryň boşadylmagyny “ynsanperwer gymmatlyklaryndan we ýagşy niýetden ugur alýandygy” hökmünde kabul edýändigi bellenilýär.
Tussaglykdan boşadylan harby gullukçylaryň şahsyýetleri häzirlikçe aýan edilmedi.
Beýanatda uzak wagtdan bäri garaşylýan parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça taryhy mümkinçiligiň dörändigi hem nygtalýar.
“Ýurtlaryň ikisi-de özara gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle-de özygtyýarlylyk we territorial bütewilik prinsiplerine esaslanýan parahatçylyk ylalaşygyna gelmek meýillerini mälim edýärler” diýip, beýanatda aýdylýar.