Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew geljek ýylyň 7-nji fewralynda möhletinden öň prezidentlik saýlawlaryny geçirmek baradaky karara gol goýdy.
Alyýewiň 7-nji dekabrdaky kararynda, ýurduň Merkezi Saýlaw Komissiýasyna munuň bilen bagly degişli taýýarlyklary görmek tabşyrylýar.
Alyýew nebite baý Kawkaz döwletine 2003-nji ýyldan bäri prezidentlik edip gelýär. Bu wezipe oňa kakasy Geýdar Alyýewden miras düşdi.
Ylham Alyýew şondan bäri dürli bidüzgünçilikler we galplyk bilen utgaşan saýlawlaryň üsti bilen häkimiýeti öz elinde saklap gelýär.
Onuň awtoritar dolandyryşy döwründe syýasy aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar sem edildi.