Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen lukmanlaryny möhleti geçen dermanlary alyp satmaga mejbur edýärler

Türkmenistanda saglyk edaralarynyň işgärleri ýene-de basyşa sezewar bolýarlar. Lukmanlara möhleti geçen we geçip barýan dermanlar paýlanyp, olardan şol dermanlary satmak talap edilýär. Lukman öz aýlygyndan esli agdyklyk edýän mukdardaky dermanlary satmak işine şepagat uýalaryny we beýleki işgärleri çekmäge mejbur bolýar. Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.


"Bir tarapdan möhleti geçen dermanlary adamlara satmaga ýüregim etmeýär, başga tarapdan alajym ýok. Biziň maşgalamyz bar näme etmeli?! Aýlyk ujypsyz, indi bu gezek möhleti geçen derman görnüşli mejburlyk bize agyr bolýar" - diýip, Türkmenbaşynyň saglyk öýleriniň birinde işleýän lukman aýdýar.


Howpsuzlyk sebäpli anonim gürlän lukmanyň sözlerine görä, öz ýolbaşçylarynyň özünden satmagy talap edilen dermanlarynyň ählisiniň möhleti geçipdir ýa-da indi geçirip barýar.


Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň saglygy saklaýyş müdirliginiň döwlet dermanhanalarynda wagtynda staylmadyk we ýaramlylyk möhleti gutaran ýa-da gutarmagyna sanlyja gün galan dermanlary saglyk öýleriniň işgärlerine mejbury satyn aldyrandygyny anykladylar.




Türkmenbaşyda saglyk öýleriniň birnäçesi bar. Olaryň her birinde 200 çemesi maşgala lukmany, şepagat uýasy we beýleki işgär zähmet çekýär. He bir lukmana 3500 müň manatlyk derman paýlanyp berlipdir we olara şol dermany bir hepdäniň içinde satyp puluny ýolbaşçylaryna getirip, tabşyrmak buýrugy berlipdir.


Lukmanlar şol dermanlary özlerine berlen bahadan satýarlar we bu işe öz kärdeşlerini kömekçi alýarlar.


"Lukman öz işleýän uçastogyna degişli medisina işgärlerini, şepagat uýalaryny we hatda garawullary bu işe çekmäge mejbur bolýar. Ol şol dermanlaryň bahasyny özi töläp biljek däl, şonuň üçin şepagat uýalaryna paýlap berdi" diýip, habarçymyz balkanly şepagat uýasyny sitirleýär.


Dermanlaryň bir bölegi döwlet edara-kärhanalaryna hem alnyp barylýar we býujetçileriň arasynda satylýar.


Azatlyk Radiosy lukmanlara möhleti geçen dermanlaryň satdyrylmagyna degişli ýagdaý barada Türkmenbaşynyň saglyk öýleriniň we Balkanyň saglygy skalaýyş müdirliginiň resmilerinden maglumat we düşündiriş alyp bilmedi.


Emma ýagdaýdan habarly ýerli çeşme anonimlik şertinde gürleşip, şeýle buýruklaryň diňe bir ýerli resmileriň özlerinden gelip-çykmaýandygyny aýtdy.


"Aşgabatdaky saglyk resmilerinden we derman zawody tarapyndan tabşyryk bolmazdan, welaýat saglyk bölüm müdirligi beýle buýrugy berip bilmeýär" diýip, çeşme aýtdy.


Türkmenistanda lukmanlaryň aýlygy 2200 - 2500 manat aralygynda. Häzir lukmanlar özlerine paýlanan 3 500 manatlyk dermanlary satyp bilmeseler, bu olaryň geçmedik dermanlaryň puluny öz hasabyna ödemeli boljagyny aňladýar.




Türkmenistaly saglyk işgärleri ýyllarboýy dürli basyşlara sezewar edilip gelýärler.


Mundan öň lukmanlar öz işi üçin zerur medisina serişdelerini öz hasabyna satyn almaga mejbur boldular. Operasiýa edýän hirurglar arassaçylyk serişdelerini, hatda ellikleri özleri satyn almaga mejbur edildiler. Pandemiýa döwründe türkmen lukmanlarynyň hatda gorag eşiklerini öz hasabyna satyn almagyna degişli ýagdaýlar boldy. Saglyk işgärleri, şeýle-de, oba hojalyk işleriniň, töwerek-daşy abadanlaşdyrmak ýaly işleriň maliýeleşdirilmegine yzygiderli goşant goşýarlar, gezet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur bolýarlar.


Resmi dynç günlerinde we professional baýramçylyklarynda medisina işgärleri köpçülikleýin çärelere çekilýärler.


Bu ýagdaý ilatyň ýurduň saglygy skalaýyş pudagyna bolan ynamyny gowşadýar. Ilat köpçüligi, mümkinçiligi bolan ýagdaýynda ýurduň daşyna gidip saglygyny bejertmäge synanyşýar.




 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus