Pakistanyň harbylary güman edilýän ýedi jeňçini öldürdi
Beýanatda öldürilen güman edilýän jeňçileriň anyk haýsy topara degişli bolandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Emma sebitde “Pakistanyň Talybany” hem diýlip bilinýän “Tehrik-e Taliban Pakistan” toparynyň jeňçileri hereket edýär.
Yslamabat Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryny jeňçilere öz territoriýasyndan serhetden geçip hüjümleri amal etmäge ygtyýar bermekde aýyplady.
“Talyban” muny ret etdi.