Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazak kazyýeti žurnalistlere hüjüm eden bäş adama şertli iş kesdi

Gazagystanyň kazyýeti garaşsyz žurnalistlere garşy guralan birnäçe hüjüme gatnaşmakda günäli tapylan bäş adama şertli türme tussaglygy hökümlerini çykardy.


Almatynyň ýöriteleşdirilen etrabara kazyýeti 22-nji noýabrda žurnalistleriň işine päsgel bermekde, olaryň şahsy durmuşyna gatyşmakda, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlary jenaýat işlerine çekmekde, huligançylykda we hususy emläkleri weýran etmekde aýyplanan Oleksiý Tokarewi dört ýarym ýyl şertli türme tussaglygyna höküm etdi.


Aýyplanýanlaryň beýleki dördüsine, hüjümleriň guralan wagtynda 18 ýaşlarynyň dolmandygy sebäpli, hersine 16 aýdan şertli tussaglyk hökümi çykaryldy.


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, ýaşlary sebäpli, olaryň atlaryny agzamaýar.


Gazagystanyň Içeri işler ministrligi mart aýynyň başynda Almatyda "O. Tokarew diýlip tanalýan bir daşary ýurt raýatynyň" tussag edilendigini, onuň hüjümleri utgaşdyrandygyny boýun alandygyny we dört sany ýaranynyň adyny aýdyp, derňew işine "kömek bermäge razy bolandygyny" habar berdi.


Žurnalistlere garşy guralan hüjümleri kimiň buýrandygy häzirlikçe belli bolman galýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus