ABŞ-nyň Halkara Dini azatlyklar boýunça komissiýasy (USCIRF) Pakistanda owgan bosgunlaryna we başpena gözleýänlere ýowuz daraşylmagyna, şeýle-de olaryň ýurtdan zor bilen çykarylmagyna alada bildirdi. Dünýä boýunça dini azatlyklara gözegçilik edýän edaranyň bu baradaky beýanaty 6-njy noýabrda çap boldy.
Pakistan geçen aý dokumentleşdirilmedik 1.7 million töweregi bikanun owgan bosgunlarynyň köpçülikleýin ýurtdan çykaryljakdygyny yglan etdi. Bu ädim Günbatar hökümetleri we hukuk toparlary tarapyndan tankytlandy.
Resmi maglumata görä, bu tagallalaryň çäginde Pakistandan eýýäm 300 müň töweregi owgan bosguny çykypdyr.
Munuň üçin 1-nji noýabr diýlip kesgitlenen soňky möhletden soň, Yslamabat owganlary zor bilen ýurtdan çykaryp başlady.