Gazak tüçjary, öňki prezident Nursultan Nazarbaýewiň gudasy Kaýrat Boranbaýew türmeden boşadyldy.
Nazabaýewiň agtygynyň dul galan aýalynyň kakasynyň türme möhleti şertli tussaglyk bilen çalşyryldy.
Gazagystanyň döwlet jeza çäreleri komiteti Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň soragyna jogap berip, Boranbaýewiň 6-njy noýabrda türmeden boşadylandygyny tassyk etdi.
Sentýabr aýynda, jenaýat işine gaýtadan seredileninden soň, Astana kazyýeti Boranbaýewi alty ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Alty aý öň Boranbaýew we onuň iki sany iş şärigi, ogurlyk aýyplamasy esasynda, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Şonda aýyplanýanlar özlerine ýüklenen günäleri ret edipdi.