Türkmenistanly boksçy Daýanç Durdynepesow ýurduň taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Boks konfederasiýasynyň (ASBC) Aziýa ýetginjekler çempiony boldy. Bu barada guramanyň websaýtynda habar berilýär.
Gazagystanyň Astana şäherinde geçýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda, 16 ýaşly Durdynepesow final duşuşygynda gyrgyzystanly Ahmadi Arwazadan üstün çykdy.
Olar 63 kilogram agramda bäsleşdiler.
2-nji noýabrda geçirilen duşuşygyň birinji urgy alyş-çalyşygynda gyrgyzystanly boksçy Durdynepesowy nokautirlese-de, türkmen türgeni soňundan ukybynyň hasabyna Aziýanyň Boks konfederasiýanyň Aziýa ýetginjekler altyn medalyny almagy başardy.
Astanadaky boks boýunça Aziýa çempionaty 23-nji oktýabrdan 4-nji noýabrda çenli dowam edýär.
Oňa 23 ýurduň türgenleri gatnaşýar.
Ýaryşda 2005-2006-njy hem-de 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýaşlar bäsleşýärler.
Türkmen toparyna Tanilbek Jumakulow ýolbaşçylyk edýär.