Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýa Ýehowa şaýadynyň raýatlygyny ýatyrdy, Türkmenistana deportasiýa etdi

Russiýa dini sebäpler bilen 2.5 ýyl tussaglykda oturyp çykan, Ýehowa şaýady Rustam Seidkuliýewi 17-nji sentýabrda Türkmenistana deportasiýa etdi. Bu barada dini guramanyň websaýtynda 19-njy oktýabrda çap bolan habarda bellenilýär.


Maglumata görä, 46 ýaşly Seidkuliýew aprelde tussaglykdan çykan bolsa-da, rus häkimiýetleri onuň raýatlygyny ýatyrypdyrlar we Türkmenistana derpotasiýa etmek baradaky karara gelipdirler.


Maglumatda Seidkuliýewiň 1977-nji ýylda Türkmenistanda doglandygy we 1993-nji ýyldan bäri Ýehowa şaýatlary kilisesiniň agzasydygy bellenilýär. 2000-nji ýylda ol ejesi bilen Russiýa göçüpdirler.


2020-nji aprelinde oňa garşy “ekstremistiki guramanyň işine gatyşmak” diýen aýyplama bilen jenaýat işi gozgaldy. 2021-nji ýylyň maýynda Leninskiý raýon sudy ony günäli tapyp, 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.


Türkmenistan ýyllarboýy dünýäde dini azatlygy iň gödek bozýanlaryň arasynda galýar. Halkara guramalary Türkmenistanda dini jemgyýetlere we beýleki dinleriň wekillerine berk basyş edilýändigini habar berýärler.




Galyberse-de, soňky ýylda Türkmenistanyň talaby boýunça daşary ýurtlardaky türkmenleriň öz watanyna deportasiýa edilmegi bilen bagly wakalar köpeldi. Türkmen raýatlarynyň käbiri Türkmenistana alnyp barlansoň tussaghanadadygy anyklandy, beýlekileri dereksiz ýitdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus