Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi

20-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki “Mekan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi, birleşigiň işjeň agzalary "Ynsanperwerligiň sarpasy" nyşany bilen sylaglandy.


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Russiýada, Eýranda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Germaniýada, Türkiýede, Saud Arabystanynda, Gazagystanda, Täjigistanda, Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.


Şeýle-de maslahata Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, daşary ýurt wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurduň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de talyplar, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.


1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik taryhy Watanyndan uzaklara düşen türkmenleri jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly halkara gurama öwrüldi diýip, habarda aýdylýar.


Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan türkmenleri taryhy watanlary bilen ysnyşdyrmak üçin orta atylan ideanyň soň ýurtda döredilen şahsyýet kultunyň bähbitlerine hyzmat etdirilendigini, netijede bu birleşigiň başga pikirli türkmenleri ýanamak, ýurtdan çetleşdirmek üçin ulanylýan syýasy gurala öwrülendigini aýdýarlar.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus