Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti tanymal derňewçi žurnalistiň şikaýatyny ret etdi, ol kazyýetiň "Gyrgyz pasportyny bikanun alandygy" üçin Russiýa deportasiýa edilmegi barada çykaran kararyndan nägile bolupdy.
Gyrgyzystanyň döwlet işgärleri bilen bagly korrupsiýa maglumatlary barada giňişleýin habar beren Bolot Temirow noýabr aýynda Moskwa deportasiýa edildi.
Gyrgyz we rus raýatlygy bolan Temirow özüne garşy açylan jenaýat derňewiniň Merkezi Aziýa ýurdunyň ýokary wezipeli adamlarynyň arasyndaky korrupsiýa barada geçiren derňewleriniň netijelerini çap edeninden soň başlandygyny aýdýar.