Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen Mejlisinde ABŞ Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy

Türkmen parlamentinde ABŞ Kongresiniň Wekiller palatasynyň Aşgabada sapara gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi diýip, türkmen metbugaty 28-nji awgustda habar berdi.


Duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.


Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda myhmanlaryň milli parlamentiň düzümi hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdyrylandygy aýdylýar.


Wekiller palatasynyň wekiliýetiniň agzalary garaşsyz Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler, bu syýasat ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli guralyna öwrüldi diýip, "Watan” habarlar programmasynyň habarynda aýdylýar.


Söhbetdeşler häzirki günde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda iri halkara we sebit guramalarynyň urgy boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ýeten derejesine ýokary baha berip, deň hukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.


Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.


"...Ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň belent derejelere ýetirilmegi ugrundaky pikir alyşmalar taraplar üçin örän peýdaly boldy. Möhüm hasaplanylýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegiň taraplara uly bähbit getirjekdigi aýratyn nygtaldy. Anyk ugurlar boýunça işlerimiziň öňe ilerlemeginiň zerurlygyny döwür talap edýär” diýip, Wekiller palatasynyň wekiliýetiniň başlygy Daril Lahud parlamentde bolan duşuşykdan soň türkmen telewideniýesine aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus