Özbegistanyň Ýokary kazyýeti 1920-1930-njy ýyllarda sowet režimi tarapyndan rus we sowet güýçlerine garşy gazaply söweşen basmaçy hereketine gatnaşmakda aýyplanan 240 adamy aklady.
Ýokary kazyýet 24-nji awgustda köpüsi ölüm jezasyna höküm edilen, beýlekileri köp ýyl türmede oturan erkekleri aklamak barada gelen kararyny yglan etdi.
Merkezi Aziýada Birinji jahan urşy döwründe başlanan halk gozgalaňlary, basmaçy hereketi hökmünde, sowetler tarapyndan 1920-nji ýyllaryň ahyrynda derbi-dagyn edildi.
Emma muňa garamazdan, basmaçylyk diýlip atlandyrylan pitne, garşylyk hereketiniň agzalary bilen sowet goşunlarynyň arasyndaky çaknyşyklar owgan serhediniň boýlarynda 1930-njy ýyllaryň başyna çenli dowam etdi.