Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda gyssagly lukmançylyk kömegi maslahatlaşyldy

Bütindünýä saglyk guramasynyň baş edarasynyň, BSG-niň Ýewropa boýunça edarasynyň we Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri türkmenistanly kärdeşleri, şeýle-de ýurduň Goranmak ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi barada maslahat etdiler diýip, “Türkmenportal” 22-nji awgustda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna salgylanyp habar berdi.


Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde gibrid görnüşinde geçirilen duşuşykda jemgyýetçilik saglygy pudagynda adatdan daşary ýagdaýlar, tebigy betbagtçylyklar babatyndaky gyssagly kömek toparlarynyň milli kuwwatyny güýçlendirmek meselesi maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.


Esasy üns milli gyssagly lukmançylyk ulgamlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, BSGG-niň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi pudagynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek baradaky missiýasynyň tekliplerini ýerine ýetirmek, gyssagly lukmançylyk kömegi üçin milli koordinatorlary bellemek, BSGG ölçeglerindäki milli tiz kömek hyzmatyny döretmek meselelerine gönükdirildi.


Mundan başga, Ýewropa tiz kömek gullugynyň koordinatory Oleg Storoženko duşuşyga gatnaşyjylara 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýedäki ýer titremelerinden alnan gymmatly tejribeleri görkezdi.


Türkmenistanyň saglyk pudagy, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky onýyllyklarda juda peseldi we derdine derman gözleýän raýatlar, mümkin bolsa, daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gidýärler.


Gyssagly saglyk kömegi bolsa, sebitlerdäki habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, etrap, oba ýerlerindäki ýollaryň erbetligi, tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligi ýa-a çarkandak ýollara ýaramazlygy zerarly, oba ilaty üçin agyr mesele bolmagynda galýar.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus