Türk polisiýasy migrantlaryň bikanun getirilmegini gurnamakda güman edilýän 39 adamy tussag etdi, olaryň içinde bäş sany daşary ýurtly hem bar. Bu habary içeri işler ministri Ali Ýerlikalaýa mälim etdi.
Ministriň sözlerine görä, 26 adam tussag edildi, 13 adam boşadyldy, olar kazyýet gözegçiliginde bolar.
Ministr bu operasiýanyň Antalýa, Mugla, Izmir we Balikesir sebitlerinde geçirilendigini aýtdy.
Türkiýede bikanun migrantlary ýüze çykarmak boýunça geçirilýän reýdler prezident saýlawlaryndan soň başlandy we şu güne çenli dowam edýär.
Stambulda bikanun migrantlara garşy guralan reýdler her gün diýen ýaly geçirilýär we habar serişdeleri polisiýa işgärleriniň diňe türk paýtagtynda günde ýüzlerçe adamy tussag edýändigini, tussag edilenleriň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň hem bardygyny habar berýär.
Türk ministri soňky iki aýyň dowamynda ýurtdaky bikanun immigrantlary tutmak üçin 2548 operasiýanyň geçirilendigini we 35,000-den gowrak bikanun migrantyň tussag edilendigini, şolardan 17,000-den gowrak adamyň ýurtdan çykarylandygyny aýtdy.
Ýurtdan çykarylan bikanun migrantlaryň arasynda türkmenistanlylar hem az däl. Emma türkmen hökümeti ýurda gaýdyp gelen adamlaryň sany, şol sanda Türkiýede işleýän türkmenistanlylaryň umumy sany barada açyk maglumat bermeýär.