Moskwanyň Günbatar etrabynyň ikinji harby kazyýeti 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda özüni partladan pidakär-terrorçy diýip hasaplanýan merhumyň işine seretmekçi. Bu barada Orsýetiň Baş prokuraturasyna salgylanyp, Kommersant neşiri ýazýar.
Derňewiň netijesinde partlamany gurnan janyndan geçen hüjümçi Özbegistanyň graždany Husanjon Osimi diýlip kesgitlendi. Onuň uzak wagtlap Owganystanda ýaşandygy we “Yslam döwleti” toparynyň bir bölegi bolan, ýerli "Wilaýat Horasan" jeňçilerine goşulandygy aýdylýar. Ol terrorçy guramanyň işine goşulyp, halkara terror aktyna gatnaşmakda (Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 205.5-nji maddasynyň 2-nji bölegi we 361-nji maddasynyň 3-nji bölegi) aýyplandy.
«Hüjümçi maksadyny amala aşyrmazdan öň, Orsýet ilçihanasynyň howpsuzlyk gullugy ony tanady we oňa garşy ot açdy» diýip, şonda ilçihananyň ýerleşýän etrabynyň polisiýasynyň başlygy Mawlawi Sabir mälim edipdi.
Öleniň hossarlary Husanjon Osimä garşy jenaýat barlagynyň geçirilmegi bilen ylalaşmadylar. Şoňa görä-de, ony Orsýetde gaýybana ýagdaýda, ölenden soň sud etjekler.
Partlama 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda, Russiýanyň Kabuldaky diplomatik missiýasynyň golaýynda amala aşyryldy. Hüjümiň netijesinde Russiýa Federasiýasyna wizany alanlaryň sanawlaryny okamak üçin, ilçihananyň howlusyna çykan, Orsýetiň diplomatik missiýasynyň iki işgäri we dört owgan polisiýa gullukçysy ýogaldy.
Orsýet Owganystanyň “talyban” tarapyndan bellenen hökümetini ykrar etmeýär, şeýle-de bolsa, Kabuldaky diplomatik missiýa işini dowam etdirýär. Moskwa “Talyban” hökümetini goldamak bilen ykdysady hem-de syýasy aragatnaşyk saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.