Мы в Telegram
Добавить новость

Изменился график поездов на МЦД-4, Киевском и Горьковском направлениях 17–19 мая

Обеспечение газовой безопасности в МКД Подольска обсудили на совещании

Площадку под строительство жилья по программе реновации освободили в Люблине

Новый жилой комплекс сдан в Нагатино-Садовниках



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Haj zyýaratynda aradan çykan türkmenistanlynyň jesedi Saud Arabystanynda galdy

Haj zyýaratynda aradan çykan türkmenistanlynyň jesedi Saud Arabystanynda galdy

Şu ýyl 2300 töweregi türkmenistanly mukaddes Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etdi. Ybadat mahaly aradan çykan bir türkmen zyýaratçysynyň jesedi Saud Arabystanynda galdyryldy.

“Mary welaýatyndan bolan bir ýaşaýjy haj parzyny berjaý edýän mahaly, Şeýtan daşlama çäresinde dyknyşyk zerarly aradan çykypdyr. Onuň jesedi Saud Arabystanynda galdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky çeşmesi habar berdi.

Türkmenistanly zyýaratçylar mukaddes Mekge şäherine ugramazdan ozal, saglyk barlagyndan geçirilýärler we zyýarat pursatynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar boýunça käbir borçnamalary öz üstüne alýarlar.

“Meselem, türkmen raýaty haj zyýaratyny berjaý edýän mahaly aradan çyksa, onuň jesedi Türkmenistana alnyp gaýdylmaýar. Onuň jesedi mukaddes topraklarda galýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti iýunyň birinji hepdesinde nobatdaky haj möwsüminde 2312 sany türkmenistanlynyň zyýarata iberilýändigini yglan etdi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýun – 15-nji iýul aralygynda 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna ibermek barada karara gol çekdi we “Türkmenhowaýollary” agentligine öz çykdajylarynyň hasabyna zyýaratçylary Saud Arabystanyna äkidip-getirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de, şu ýyl Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-30-njy iýun aralygynda haj parzyny berjaý edýän türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ýolbaşçylyk edip, mukaddes Mekge şäherinde saparda boldy.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Mekgede aradan çykan türkmen zyýaratçysynyň ykbaly barada habar bermedi.

Bu ýyl Türkmenistandan haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna iberilen adamlaryň sany öňki ýyllar bilen deňeşdirilende dokuz esse töweregi köp boldy.

Saud häkimiýetleri her ýyl haj möwsüminde musulman ilatynyň sanyna laýyklykda ähli ýurtlara kwotalary bölüp berýär.

Saud Arabystanynyň statistika maglumatlaryna görä, şu ýylyň haj möwsüminde 1 million 800 müňden gowrak zyýaratçy hasaba alyndy.

Şeýle-de, saud resmileriniň 29-njy iýunda beren hasabatyna görä, 2 müň töweregi zyýaratçy aşa yssy howadan ejir çekdi. Howanyň temperaturasy zyýarat döwründe Mekge şäherinde 48 gradusa çenli ýokarlandy. Ýöne saud resmileri aradan çykan adamlaryň sany barada hasabat bermedi.

Eýran metbugaty iýulyň başynda haj zyýaratynyň dowamynda 22 eýranlynyň aradan çykandygyny habar berdi.

Soňky on ýylyň içinde köp sanly adam ýitgileri hasaba alnan iň pajygaly haj möwsümi 2015-nji ýylyň sentýabrynda boldy. Şonda Şeýtan daşlama çäresiniň dowamynda ýüze çykan dyknyşykda 2411 zyýaratçy aradan çykdy. Saud resmileri şonda, ilkibaşda, ölenleriň umumy sanyny 717 adam hökmünde hasabat beripdi.

Saud Arabystanynyň haj resmileri köplenç halatda haj möwsüminde mukaddes topraklarda aradan çykan adamlaryň jesetlerini ýurduna gaýtaryp bermeýär, ölen adamlaryň mukaddes topraklarda jaýlanylmagy guramalaşdyrylýar we haj ýa-da umra zyýaratlarynda ölen adamlar ‘şehit’ hasaplanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri soňky ýyllarda Türkmenistanda ilat arasynda yslam dinine bolan ymtylyşlaryň we meýilleriň köpelýändigini habar berýärler.

Ýagdaýdan habarly çeşmämiz şu ýylyň haj möwsüminde zyýarata iberilen adamlaryň arasynda zenan maşgalalaryň erkek adamlardan has köp bolandygyny habar berdi.

Şeýle-de, şu ýyl haj zyýaratyna iberilen adamlaryň arasynda sungat sahnasynyň tanalan wekilleri, şol sanda käbir wäşiler hem bar ekeni.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde Aşyr däde lakamy bilen tanalýan wäşi Aşyrmyrat Gurbanow hem haj zyýaratyny berjaý eden sungat işgärleriniň hataryna giripdir.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi haj zyýaratyndan dolanan adamlaryň zemzem suwy, mukaddes Gurhan kitaby ýa-da tesbi ýaly sowgatlyk harytlary getirendiklerini, olaryň el goşlarynyň Aşgabadyň howa menzilinde gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan jikme-jik barlanandygyny habar berýär.

Haj ybadaty yslam dininiň bäş şertiniň biri bolup, mümkinçiligi bolan adamlar üçin azyndan bir gezek haj zyýaratyny berjaý etmek parz hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В метро Москвы показали балет

90% агропромышленных грузопотоков приходится на коридоры с дружественными странами

Воробьев: методику обеспечения сирот жильем улучшат в Подмосковье

Игрок "Спартака" Маслов заявил, что команда провалила сезон

Музыкальные новости

На заводах АО "Желдорреммаш" внедряется автоматизированная система по рекламационно-претензионной работе “Астрея”

Дмитрий Бикбаев готовит премьеру театрального проекта, основанного на личных переживаниях

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

Новости России

Суд рассмотрит апелляцию на приговор Игорю Гиркину

Путин: в Генштабе кадровых изменений не планируется

Эксперт Орлов: «Булава» полностью изготовлена из отечественных комплектующих

В Коломне на 74% реконструировали крупнейший в РФ комплекс переработки ТКО

Экология в России и мире

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»











Топ новостей на этот час

Rss.plus






"Настоящий патриот": Крестивший Белоусова священник откровенно рассказал о новом министре обороны

В Мытищах начали строительство детского сада на 225 мест в мкр Метровагонмаш

Бьюти-блогер Горбунова: аромат лаванды поможет улучшить качество сна

Еще одна пара из Калмыкии заключит брак в рамках Всероссийского свадебного фестиваля