Özbegistanyň Ýokary kazyýeti 10-njy awgustda dekabrda, Hindistanda öndürilen sowuk şerbeti içeninden soň ýogalandygy aýdylan çagalaryň umumy sanynyň 65-e ýetendigini aýtdy.
Özbek häkimiýetleri mundan öň Hindistanyň “Marion Biotech” derman kompaniýasynyň öndüren önümlerini ulanan 20 çaganyň ölendigini aýdypdylar.
Fewral aýynda derňewçiler Özbegistanyň döwlet dermanhana gullugynyň başlygy Sardor Kariýewi we onuň gol astyndaky birnäçe işgäri tussag etdiler. Olar maliýe galplygynda, ogurlykda we Özbegistana pes hilli dermanlar import etmekde aýyplandy.
Şeýle-de, Daşkent şol wagt “Marion Biotech” kompaniýasynyň öndüren önümleriniň ählisiniň satuwyny togtatdy.