Gazagystanyň demirgazygyndaky Pawlodar şäheriniň kazyýeti 10-njy awgustda bir ýaş gyzyň zorlanmagyna gatnaşan üç erkege türme tussaglygy hökümlerini çykardy. Erkekleriň biri tarapyndan zorlanan 16 ýaşly gyz, toparlaýyn zorlanmakdan gutulmak üçin, binanyň 10-njy gatyndan aşak bökdi.
Şahsyýeti aýan edilmedik gyz bir ýyl ozal bolan wakadan soň aman galdy.
Kazyýet 19 ýaşly erkegi kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy zorlamakda günäkär tapdy we oňa 15 ýarym ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy. Edilen jenaýat barada habar bermezlikde aýyplanan beýleki iki erkegiň hersine dört ýyldan iş kesildi.