Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi gaýtadan güýçlendirip başladylar. Mary welaýatynyň häkimiýetleri edara-kärhanalaryň zenan işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olary “ahlakly bolmaga we geýinmäge” çagyrdylar. Resmiler düzgün bozanlaryň işden boşadyljakdygyny hem duýdurdylar.