Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dilçi alym Myratgeldi Söýegow 73 ýaşynda aradan çykdy

Dilçi alym, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegow 23-nji iýulda, 73 ýaşynda aradan çykdy diýip, “SalamNews” habar berýär. 


Neşiriň maglumatyna görä, Myratgeldi Söýegow 1950-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz obasynda gullukçy maşgalasynda doglup, ilki oba mekdebinde, soňra Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim alýar we TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň häzirki zaman türkmen dili bölüminde işe başlaýar, ylmy-derňew işlerini alyp barýar.


M.Söýegowyň “Türki dilleriň günorta-günbatar toparynda hal işlikler” atly monografiýasy 1981-nji ýylda çapdan çykýar. Ol 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory, 1994-nji ýylda professor derejesini alýar.


Alymyň ilkinji türkmen dilçileri we edebiýatçylary hakyndaky oçerklerini özünde jemlän «On çynar», «Hal işlikler. Häzirki zaman türkmen dili. Morfologiýa. Ýokary we ýörite orta bilim mekdepleri üçin okuw gollanmasy» ýaly kitaplary, ýüzlerçe ylmy makalasy çap edildi.


Şeýle-de, Myratgeldi Söýegow goşgulary bilen tanalýar. Onuň dürli ýyllarda çagalar üçin ýazan goşgulary «Ýagşyň ysy», «Gülki güni», «Men kime meňzeş?», «Aý suwa düşýär» atly goşgular ýygyndylarynda jemlenip, aýratyn kitap görnüşinde çap edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus