Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň banklary “Unistream” töleg ulgamy bilen işleşmegini togtadýar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçe banky Russiýanyň “Unistream” töleg ulgamy bilen gatnaşygyny togtatdy. Bu çäre, birnäçe neşiriň ýazmagyna görä, Russiýanyň “Unistream” bankyna garşy girizilen we 20-nji iýyulda belli bolan ABŞ sanksiýalary bilen bagly.


Şeýle-de, bu gezekki sanksiýalar sanawyna Gyrgyzystanyň dört kompaniýasy girizildi.


“Fergana.news” portalynyň ýazmagyna görä, Özbegistanyň “Halk-bank”, “Ipoteka-bank” we “Kapitalbank” banklary 24-nji iýulda “Unistream” ulgamynyň hyzmatynyň togtadylandygyny habar berdi.


“Economist.kg” neşiriniň ýazmagyna görä, Gyrgyzystanyň “Kompanion”, “Finsa Bank”, “RSK Bank”, “Halyk Bank” we “Kapital Bank” banklary hem şeýle karar kabul etdi.


Täjigistandaky “Orienbank” we “Humo Bank” banklary hem “Unistream” bilen işlemegini bes etdi. TASS habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu respublikada diňe Täjigistanyň Döwlet banky “Unistream” töleg ulgamyna hyzmat etmegini dowam etdirýär.


Gazak metbugaty häzir “Kazpoçta” we “Nurbank” banklarynyň “Unistream” bilen işleşmeýändigini habar berýär. Ermenistanda “Azatutýun” radiosynyň habaryna görä, (Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugy) Ermanistanda bu ulgam häzir “Converse Bank” we “Inecobank” banklarynda işlemeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus