Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda Saud Arabystany patyşalygynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.
1981-nji ýylda döredilen sebit guramasy Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany ýaly alty ýurdy özünde jemleýär.
Türkmen prezidenti sammitde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi ýurtlarynyň Ulag komitetini, Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.
Ol geljek ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi, bu ýurtlaryň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi hem teklip etdi.
Şeýle-de, Berdimuhamedow bu ýutrlaryň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip edip, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlary geçirilse, Aşgabadyň özünde bar bolan döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.
TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, Berdimuhamedow Saud Arabystany patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy, premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyp, döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň baştutanlary, şeýle-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary gatnaşdy.
Saud metbugatynyň maglumatyna görä, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Jidde sammitde eden çykyşyynda öz ýurdunyň, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek üçin, Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi ýurtlary babatynda wizasyz giriş ulgamyny kabul edendigini aýtdy.