Adam hukuklaryny goraýjylar kürt syýasy aktiwisti Peýman Golwaniniň Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Urmiýa şäheriniň aňtaw merkezinde ölendigini aýdýarlar.
Bu tussaghanada 24 sagatdan az wagt öň başga bir syýasy tussagyň ölendigi aýdylýar.
Adam hukuklaryny goraýan "Hengaw" topary Golwaniniň 9-njy iýulda, tussaghanadan Urmiýadaky Homeini keselhanasyna geçirilenden soň ölendigini aýtdy. Golwani 25-nji iýunda Mahabadda, öz maşgalasynyň jaýynda tussag edildi.
Onuň tussag edilmeginiň sebäplerini we mümkin bolan aýyplamalary anyklamak barada edilen synanyşyklara garamazdan, resmiler bu iş barada hiç bir düşündiriş bermediler.
Çeşmelere salgylanyp berlen habara görä, Golwani hassahana huşsuz ýagdaýda geçirilipdir. Howpsuzlyk güýçleri Golwaniniň "beýik ýerden ýykylandygyny" aýdypdyrlar.
Emma Golwaniniň aýal dogany, aktiwisti gören ýeke-täk hossary hukuk goraýjy topara onuň bedenindäki gök tegmiller, ýüzündäki we kellesindäki ýara yzlary hakynda gürrüň berdi.
Golwaniniň ölüm habary hukuk goraýjy aktiwistleriň şol bir tussaghanada Piranşahdan bolan syýasy tussag Musa Esmailiniň ölümi barada beren habaryndan bir gün soň geldi.