“Nowaya Gazetanyň” baýraga mynasyp bolan derňewçi žurnalisti we aklawçy Çeçenistana baran wagtynda ýaragly adamlar tarapyndan erbet urlup-ýenjildi diýip, “Adam gynamalaryna garşy topar” atly hukuk topary 4-nji iýulda habar berdi.
Žurnalist Ýelena Milaşina we aklawçy Aleksandr Nemow häzir Groznydaky hassahanada saklanylýar. Olar bedenlerine düşen bir topar ýaradan ejir çekýär diýip, hukuk topary aýtdy.
“Milaşinanyň barmaklary döwlen we ol wagtal-wagtal huşuny ýitirýär. Onuň bedeni durşuna gök-dalak bolupdyr” diýip, hukuk topary sosial ulgamda habar berdi.
Şeýle-de, Nemowyň aýagyndan pyçaklanandygy habar berildi.
Milaşina we Nemow Çeçenistana Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowy internetde tankyt edendikleri üçin ýanalýandyklaryny aýdyp ýurtdan gaçan oppozisiýa aktiwistleriniň, Ibragim, Abubakar we Baýsangur Ýangulbaýewleriň tussag edilen ejesi Zarema Musaýewanyň garşysyna çykarylýan kazyýet hökümi barada habar bermek üçin gelipdiler.
Kadyrow we beýleki çeçen resmileri, şeýle-de rus dumasynyň bir agzasy, "terroristler" diýip atlandyryp, Ýangangulbaýew maşgalasynyň ähli agzasyny öldürmegi aç-açan wada berdiler.
Musaýewa, kezzapçylykda we hukuk goraýjy edaranyň işgärine hüjüm etmekde aýyplanyň, kazyýet jogapkärçiligine çekildi. Tankytçylar bu aýyplamalaryň syýasy häsiýetlidigini, ýagny olaryň hakyky esasynyň ýokdugyny aýdýarlar.
Hukuk goraýjy guramalaryň aýtmagyna görä, Milaşina we Nemow howa menzilinden paýtagt Grozna tarap barýan wagtlarynda hüjüm edildi, olaryň enjamlary we resminamalary ýok edildi.
Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” topary hüjümçileriň Milaşinanyň saçyny syrandygyny, onuň birnäçe barmagyny döwüp, kellesinden ýaşyl boýag guýandygyny aýtdy.
"Olar, ýüz-gözleri diýmän, rehimsizlik bilen depildi, öldürmek haýbaty atyldy, kellelerine ýarag diräp, ýanlaryndaky enjamlaryny alyp, çym-pytrak etdiler" diýip, “Memorial” topary telegram habarynda aýtdy.
"Urlup-ýenjilýän wagtlarynda olara:" Size duýduryş berildi. Bu ýerden çykyň we hiç zat ýazmaň" diýdiler.
Rus we halkara adam hukuklary toparlary Kadyrowy ençeme ýyl bäri adam hukuklaryny gödek bozmakda, şol sanda adam ogurlamak, adam gynamak, kazyýetden daşary adam öldürmek we LGBT jemgyýetini yzarlamak ýaly agyr hukuk bozulmalaryna gözegçilik etmekde aýyplaýarlar.
Kreml tankytçylary Wladimir Putiniň Çeçenistanda separatistik duýgulary we zorlugy gözegçilikde saklamak üçin öňki pitneçi serkerdä bil baglap, bu sebitdäki eden-etdiliklere göz ýumandygyny aýdýarlar.