Russiýanyň merkezi Samara sebitinde partlaýjy enjamlary öndürýän uly zawodda bolan partlamada alty adam öldi diýip, TASS gyssagly kömek gullugyna salgylanyp habar berdi.
Şeýle-de, habar gullugy Çapaýewsk şäherindäki “Promsintez” zawodynda bolan partlamada iki adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Partlamanyň abatlaýyş işleri wagtynda, turbanyň bir bölegi sökülende bolandygy aýdylýar.
1997-nji ýylda gurlan “Promsintez” Russiýada we öňki Sowet Soýuzynda senagatda ulanylýan partlaýjylary öndürýän esasy kärhanalaryň biri boldy.