Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkez Russiýanyň mobil operatory MTS-iň Türkmenistana garşy eden şikaýatlaryna seretmek işlerini tamamlady diýip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär.
Kazyýetiň Türkmenistana garşy bildirilýän talaplaryň ählisini ýatyrmak baradaky karary esasynda, Türkmenistana 11 million dollardan gowrak kanuny töleg we araçylyk çykdajylary berilmeli edildi.
Çap edilen maglumata laýyklykda, kazyýet işi 2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda hasaba alyndy we 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda tamamlandy.
"MTS-Türkmenistan" mobil operatory öz işini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda togtatdy. Sebäbi Türkmenistan mobil operatorynyň ýygylyklary ulanmak babatdaky ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi. Ýapylan wagtynda onuň 1,7 million abunaçysy bardy.
MTS kazyýet işini açmazyndan ozal çeken ýitgisiniň azyndan 750 million dollar töweregi bolandygyny çaklady, ýöne soň, 2019-njy ýylda kompaniýanyň çeken ýitgilerini 1,5 milliard dollar diýip çaklaýandygy mälim boldy.