Мы в Telegram
Добавить новость

Более 10,5 тыс. профилактических занятий провели с детьми перед началом летних каникул

Андрей Воробьев обсудил с силовиками совместную работу в сфере экологии и ЖКХ

Власти Подмосковья заявили о важности «цифры» для упрощения трудоемких процессов

Новый жилой комплекс сдан в Нагатино-Садовниках



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze awtoban Baýramaly – Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär

Täze awtoban Baýramaly – Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär

Häzirki wagta Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine barmak üçin, sürüjiler 200 kilometr töweregi ýol sökýär. Aşgabat – Türkmenabat aralygynda gurulýan täze awtobanyň işe girizmegi bilen, sürüjiler Baýramaly – Türkmenabat ýolunyň 310 kilometre çenli uzajakdygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär. Döwlet metbugaty ýokary tizlikli täze awtomobil ýoluny “ýurduň transport we tranzit ulgamynda gazanylan möhüm sepgit” hökmünde mahabatlandyrýar.

Aşgabat – Türkmenabat aralygynda gurulýan täze awtobanyň Mary welaýatynyň çäginden geçýän bölegi Ýolöten etrabynyň üstünden geçýär, ýöne Aşgabat – Türkmenabat aralygynda häzir bar bolan köne awtomagistral Mary we Baýramaly şäherleriniň üstünden geçýär. Ýolöteniň etrap merkezi Marynyň welaýat merkezinden 55 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär. Şeýlelikde, Baýramalydan Türkmenabada, ýa-da Baýramalydan Aşgabada gitmekçi bolýan awtomobil ulagy, ilki bilen, Mary şäherine barmaly, ondan Ýolöten etrabynyň çägine barmaly. Şondan soň, täze awtobana çykyp, isle Aşgabada, isle Türkmenabada tarap ýola düşmeli.

Kartada has düşnükli bolar ýaly, häzir bar bolan köne awtomagistralyň ugry bilen Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän paýtagt Aşgabatdan ýurduň gündogar merkezi bolan Türkmenabat şäherine barmak üçin, Änew, Ýaşlyk, Artyk, Kaka, Duşak we Tejen sebitleriniň üstünden geçip, günorta-gündogar Mary welaýatynyň çägine girilýär. Köne awtomagistral Mary welaýatynyň çäginde Sakarçäge etrabynyň deňinden, Mary  we Baýramaly şäherleriniň üstünden geçip, Türkmenabada barýar.

Ýöne Täze awtoban Mary şäheriniň üstünden geçmeýär, awtoban Marynyň has günorta sebitleriniň üstünden, Ýolöten etrabynyň çäginden geçýär.  Şeýlelikde, täze ýokary tizlikli ýol Mary we Baýramaly şäherleriniň has günortasyndan sowlup, soňra Berkararlyk şäherçesine barýar we şol ýerden köne awtomagistrala parallel Lebap welaýatyna tarap uzap gidýär.

“Häzir Baýramalydan Türkmenabada gitjek bolsaň, 200 kilometr töweregi ýol geçmeli. Ýöne täze awtoban işe girizilenden soňra, Baýramalydan Mara çenli 25 kilometr, Marydan Ýolötene çenli 35 kilometr, Ýolötenden Türkmenabada çenli 250 kilometr, jemi 310 kilometr ýol geçmeli” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sürüjiler häzir 200 kilometre barabar bolan Baýramaly – Türkmenabat ýolunyň täze awtoban bilen goşmaça 110 kilometr töweregi uzajakdygyny, munuň özleri üçin, hem wagt, hem ýangyç hem-de goşmaça çykdajy talap etjekdigini aýdýarlar.

Üstesine, täze awtoban tölegli bolar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýokary tizlikli ýoluň töleginiň 60 manat töwereginde boljakdygynyň çaklanýandygyny habar berýär.

Şeýlelikde, Baýramalydan Türkmenabada ýol çykan sürüji awtoban üçin 60 manat, benzin üçin goşmaça 100 manat töwereginde çykdajy etmeli bolar. Baýramalydan Aşgabada gitjek bolsaň, awtoban üçin 60 manat, benzin üçin goşmaça 200 manat çykdajy etmeli bolar.

Bahasy 2,3 milliard dollar, uzynlygy 600 kilometr töweregi bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi. “Türkmen Awtobany” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanylan ýoluň gurluşygy Aşgabat – Tejen, Tejen – Mary we Mary – Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy.

Awtobanyň Tejen – Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabryna çenli, Mary – Türkmenabat bölegini bolsa, 2023-nji ýylyň dekabryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Aşgabat – Tejen awtobanynyň gurluşygy 2021-nji ýylyň oktýabrynda tamamlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagtda täze awtobanyň Mary welaýatynyň Berkararlyk şäherçesinden geçýän böleginiň ugrunda bir köprüniň gurulýandygyny habar berýärler.

Häzirki wagtda Baýramaly bilen Türkmenabat aradaky köne awtomagistraldan peýdalanýan sürüjiler täze awtobanyň işe girizilmegi bilen öňki ýoluň ýapylmagyndan howatyr edýärler.

Köne ýoluň çukanak-sakanak ýerleri bar, üstesine bu ýolda awtoulaglara aňry gitse sagatda 90-100 kilometr tizlik bilen sürmäge rugsat berilýär, ýolda ýygy-ýygydan duş gelýän çukanaklar awtomobil ulagynyň tizligini ýokarlandyrmaga rugsat bermeýär. Ýöne, her niçik-de bolsa, köne ýolda Baýramaly bilen Türkmenabat aralygynda gatnaýan ulaglar 60 manat ýol töleginden, hem-de 110 kilometr töweregi goşmaça ýol geçmekden halas bolarlar.

Türkmenistanyň hökümeti mundan ozal, 2017-nji ýylda Aşgabat – Türkmenbaşy ýokary tizlikli ýolunyň hem gurulýandygyny yglan etdi. Ilkibaşda, 2020-nji ýylyň sentýabrynda işe girizilmegi planlaşdyrylan Aşgabat – Türkmenbaşy multimodal awtobanynyň gurluşygy, aradan geçen üç ýyla garamazdan, heniz doly tamamlanmady.

Türkmenistanyň gündogar, günorta we günbatar sebitlerini biri-birine sepleýän täze awtobanlar işe girizilen halatynda, Türkmenistanyň iň gündogarynda ýerleşýän Farap serhedinden ýurduň çägine giren awtomobil ulagy Lebap we Mary welaýatlarynyň, şeýle-de paýtagt Aşgabadyň hem-de Ahal welaýatynyň üstünden geçip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine, ondan aňry Garabogaz aýlagynyň üstünden geçip, Türkmenistan bilen Gazagystan aradaky serhet geçelgesine baryp biler.

Şeýle-de, günbatarda gazak, gündogarda özbek serhetlerinden Türkmenistana giren awtomobil ulaglary täze awtobanlaryň üsti bilen eýran serhedine-de geçip bilerler.

Ýöne bu taslamalaryň anyk haçan durmuşa geçiriljekdigi, bu işleriň ýönekeý raýatlara getirjek bähbidi sorag astynda galýar.

Habarçylarymyz awtoban işe girizilen halatynda ulaglaryň töleg talonlaryny almazdan ýoldan peýdalanyp bilmejekdiklerini, ýokary tizlikli ýola gapdal ýollardan goşulmagyň çäklendiriljekdigini habar berýärler.

Ýapyk Türkmenistan özüni Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, öz hyzmatdaşlaryna iri halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini hödürleýändigini aýdýar. Ýöne Azatlyk Radiosy mundan ozal ýurduň käbir gümrük nokatlarynda birnäçe günläp garaşdyrylýan daşary ýurt ýük ulaglary, türkmen gümrüginden geçmegiň kynçylyklary barada habar beripdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli häkimiýetleriň häzirki wagtda ähli ünsi Mary – Türkmenabat aralygyndaky awtobanyň gurluşygyna gönükdirip, iki şäheriň arasynda ozal bar bolan magistraly abatlamak işleriniň ünsden düşürilýändigini, munuň netijesinde köne ýoluň ugrunda hasaba alynýan ýol-ulag hadysalarynyň, köçe-ýol heläkçilikleriniň artýandygyny habar berýärler.

Habarçylarymyz martyň başlarynda Mary – Türkmenabat gara ýolunyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Türkmen hökümeti ýurduň ýollarynda hasaba alynýan ýol-ulag hadysalary barada hasabat bermeýär.

Aşgabat – Türkmenbaşy aralygyndaky ýokary tizlikli täze awtobanyň gurluşygy 2017-nji ýylda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasyna ynanyldy. Türkmen metbugaty bir döwür ýoluň gurluşygyna girişilendigini habar berdi. Dürli elektron çeşmeler Aşgabat – Türkmenbaşy multimodal ýolunyň taslamasynyň göze ýakymly wideolary paýlaşyldy. Ýöne sähel salym soň, bu ýoluň gurluşygynyň buýrujy bilen potratçynyň arasyndaky “töleg dawalary” sebäpli togtadylandygy mälim boldy. 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat – Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny tamamlanmagynyň wajypdygy aýdyp, degişli resmilere tabşyryk berdi. Ýöne geçen döwrüň dowamynda bu ýoluň gurluşygynyň tamamlanandygy ýa-da tamamlanmandygy barada resmi maglumat berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Глава Химок Дмитрий Волошин наградил работников НПО «Энергомаш»

Юрист Слащев назвал задержание врачей из клиники Хайдарова ошибочным

Не только ипомея трехцветная: вот за какие растения на участке могут поплатиться россияне

Новый ERD-рекорд. На Семаковском месторождении построена очередная скважина с большим отходом от вертикали

Музыкальные новости

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Аналитики оценили изменение высоты новостроек в городах России за 5 лет

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

Новости России

Воробьев: методику обеспечения сирот жильем улучшат в Подмосковье

90% агропромышленных грузопотоков приходится на коридоры с дружественными странами

Владимир Путин назначил врио губернаторов некоторых регионов страны

Юрист Слащев назвал задержание врачей из клиники Хайдарова ошибочным

Экология в России и мире

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Moscow.media

Краски севера IV

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Воробьев: методику обеспечения сирот жильем улучшат в Подмосковье

90% агропромышленных грузопотоков приходится на коридоры с дружественными странами

Глава Химок Дмитрий Волошин наградил работников НПО «Энергомаш»

Россия учтёт индийский "запретительный" опыт при развитии беспилотников