Türkmenistan demokratiýa görkezijileri barlagynda iň pes bahalaryň birini aldy
Geçirilen barlaglarda demokratiýanyň derejesi ýokary demokratik dolandyryş, saýlaw prosesi, raýat jemgyýeti, garaşsyz metbugat, ýerli demokratik dolandyryş, kazyýet garaşsyzlygy we korrupsiýa ýaly ýedi kriteriýa esasynda kesgitlenilýär.
Bu görkezijileriň ählisinde Türkmenistan mümkin bolan 7 derejeden 1 dereje alyp, netijede mümkin bolan iň pes bahalaryň birine eýe boldy.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistanyň sebitdäki goňşy ýurtlary bolan Özbegistan 1,21 dereje, Täjigistan - 1,04, Gazagystan - 1,32, Gyrgyzystan - 1,68 dereje, Russiýa bolsa 1,11 dereje aldy.