Мы в Telegram
Добавить новость

Российско-китайские деловые встречи прошли в Доме Нижегородской области в столице

Официальный сайт программы КРТ начал работу в городе

Экскурсия на ретротрамвае пройдет в столице 31 мая

Хирург Хорошев: резкая боль в правой части живота указывает на аппендицит



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bir ýük ulagy ýol hadysasyna uçrady

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bir ýük ulagy ýol hadysasyna uçrady

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda 22-nji maý güni öýlän täze awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan “Maz” kysymly agyr ýük ulagy ýol hadysasyna uçrady.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi ýol hadysasynyň öýlän sagat 16:30 töwereklerinde bolandygyny we wakada diňe ulag sürüjisiniň ýaralanandygyny habar berýär.

Deslapky maglumatlara görä, täze awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan ýük ulagynyň sürüjisiniň roluň başynda ýadawlykdan uka gidendigi çaklanýar. Ulag ýoldan çykyp, gapdala agýar.

“Sürüji ýadawlykdan roluň başynda uka gidipdir. Ulag ýoldan çykyp, çep gapdala agypdyr” diýip, çeşme aýtdy.

Ýol hadysasyna uçran ýük ulagy hususy taraplara degişli bolup, Mary – Türkmenabat aralygynda gurulýan täze awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan ekeni.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda täze ýoluň gurluşygynyň depgininiň güýçlendirilýändigini, şol bir wagtda, gurluşyga ýük daşamak işlerine hususy taraplaryň ýük ulaglarynyň şertnama esasynda goşulýandygyny habar berýärler.

“Agyr ýük ulaglary Ahal welaýatynyň çäginden Lebap welaýatyna çagyl daşaýarlar. Ulaglaryň her bir gatnawyna 500 manat töleg tölenýär. Gapdaldan hakyna tutulan ýük ulaglarynyň sürüjilerini gyssaýarlar” diýip, bir ýük ulag sürüjisi aýdýar.

Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat ýolunyň gurluşygy “Türkmen Awtobany” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. 2019-njy ýylda badalga berlen ýoluň gurluşygy Aşgabat – Tejen, Tejen – Mary we Mary – Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy.

Awtobanyň Tejene çenli bolan böleginiň gurluşygy 2021-nji ýylyň oktýabrynda tamamlandy. Uzynlygy 600 kilometr boljak ýokary tizlikli ýoluň Tejen – Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabryna çenli, Mary – Türkmenabat bölegini bolsa 2023-nji ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Ýöne, ýoluň gurluşygy meýilleşdirilen wagt möhletinden uzaga çekýär.

Ýoluň gurluşygyna çekilýän ýük ulaglarynyň sürüjilerinden ýokary depginde ýük gatnawlaryny amala aşyrmak talap edilýär.

“500 manat töleg üçin bir günde iki gezek, gidiş-geliş, Ahal welaýatyndan Lebap welaýatyna gatnamaly bolýar” diýip, bir sürüji gürrüň berdi.

Mundan ozal, fewralyň ahyrynda häzirki Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda ýol heläkçiligi boldy. Bu heläkçilikde iki ýeňil awtoulagyň pete-pet çakyşmagy netijesinde ýedi adam heläk boldy.

Şonda ýerli sürüjiler soňky wagtlarda ähli ünsüň täze awtobanyň gurluşygyna gönükdirilýändigini, gelim-gidimli köne awtomagistraly abatlamak işleriniň bolsa ünsden düşürilýändigini gürrüň berdiler.

“...Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň hili soňky ýyllarda has-da ýaramazlaşdy. Gara ýoluň tas her bir kilometrinde diýen ýaly çukurlar emele geldi. Ulag tekerleri asfalt ýoluň ugrunda emele gelen çukurlara gaçyp, käte tekerler ýarylýar. Awtoulag tekeleriniň disklary zaýalanýar” diýip, şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli sürüjiler gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde bolup geçýän köçe-ýol hadysalary barada halka hasabat bermeýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem adam pidalaryna getirýän ýol heläkçilikleri barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde bolup geçen azyndan dört köçe-ýol hadysasy barada habar berdiler.

Daşoguz welaýatynyň Bedirkent daýhan birleşiginde 5-nji aprelde bolan ýol hadysasynda kämillik ýaşyna ýetmedik üç mekdep okuwçysy, Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda 27-nji aprelde bolan ýol hadysasynda bir adam, 29-njy aprelde Farapda bolan ýol hadysasynda iki adam, 15-nji maýa geçilen gije Aşgabadyň On ýyl abadançylyk köçesinde bolan ýol hadysasynda ýedi adam heläk ýoldy. 

Ýol hadysalary barada martdan bäri gelip gowuşýan habarlara görä, ýurduň çäginde soňky üç aý töweregi wagtyň dowamynda azyndan 20 adam ýol heläkçiliklerinde wepat boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Военно-патриотическая игра «Тропа разведчика» прошла в Мытищах

Lipatov Sound заявил о выходе нового трека “Red City”

Уголовное дело возбуждено по факту стрельбы на юге Москвы

Путин заявил, что погибший президент Ирана Раиси был надежным партнером

Музыкальные новости

Активиста Булатова оштрафовали на 50 тысяч рублей за дискредитацию армии

Июньские дни духовности: Православные праздники месяца от ясновидящей Галины Янко

Минское «Динамо» одолело «Шахтер» на финише 9-го тура чемпионата Беларуси

Тариф – Концерт. Провести свой Концерт.

Новости России

В Польше расследуют "причастность России" к пожару в варшавском ТЦ

Воробьёв рассказал о сроках сдачи очистных сооружений в Сергиевом Посаде

До конца года в Москве проведут почти в 2 раза больше операций, чем в 2023 году

В Москве произошла драка с участием 15 человек, двое в больнице

Экология в России и мире

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ

Российские туристы встретились с таджикскими строителями в Новой Зеландии и были удивлены их жизни и ответами на вопросы

Как поделиться местоположением в WhatsApp: пошаговое руководство

Выставки индустрии моды в Москве

Спорт в России и мире

Рахимова прошла во второй круг турнира WTA в Рабате на отказе Таунсенд

Экс‑теннисистка Джорджи обвиняется в краже мебели и ковров на €100 тысяч — СМИ

Потапова не смогла пробиться во второй круг турнира WTA в Страсбурге

Российский теннисист Медведев опустится на строчку в рейтинге ATP

Moscow.media

Вологодские зарисовки

На Невском заводе электрического транспорта наградили победителей фестиваля «Транспорт: будущее»

АО «ДиМ» демонтировало 40% старого путепровода над железнодорожными путями

В деле об убийстве в Екатеринбурге шестилетнего мальчика появился третий фигурант











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Военно-патриотическая игра «Тропа разведчика» прошла в Мытищах

Уголовное дело возбуждено по факту стрельбы на юге Москвы

Драка со стрельбой произошла на юге Москвы

Департамент городского имущества оповещает об установлении публичного сервитута на земельные участки в ЦАО