Si Hytaý, Merkezi Aziýa mümkinçiliklerini “doly açmaly” diýýär
Döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, Si olar "ykdysadyýet, söwda, senagat kuwwaty, energiýa we ulag pudagynda däp bolan hyzmatdaşlygyň potensialyny doly açmaly" diýdi.
Si Hytaýyň demirgazygyndaky Sian şäherinde geçirilen sammitde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerine ýüzlenip, "Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary strategiki özara ynamy çuňlaşdyrmaly we hemişe birek-birege aç-açan goldaw bermeli" diýdi.