Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlary 18-nji maýda Hytaýyň taryhy Sian şäherine ýygnanyp, hytaý lideri Si Szinpin bilen "dowamly" dostluk wadalaryny berkitmek üçin, Pekin bilen sebitara ylalaşygynyň baglaşylmagyna getirjek duşuşyk geçirýärler.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň hyna görä, Si 19-njy maýda "möhüm" söz sözlär. Şeýle-de, ýokary derejedäki maslahatda "möhüm" syýasy resminama gol çekiler.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, TDH-nyň maglumatyna görä, 18-nji maýda Sian şäherine geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa bardy.
Bu türkmen prezidentiniň şu ýylda Hytaýa edýän ikinji saparydyr.
Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Hytaýa ýanwar aýynda eden döwlet saparynyň dowamynda “möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny” we “uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilendigini” habar berdi.
Sian şäherine ilkinji bolup Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geldi. "Biziň umumy maksadymyz bar, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmekden ybarat" diýip, Tokaýew Si bilen görşende aýtdy.
Gazagystan Hytaýyň Merkezi Aziýadaky iň uly söwda hyzmatdaşy bolup durýar.