Toba gelmedik we dyzmaç yslamçy ekstremiste, 2017-nji ýyldaky Hallowin baýramçylygynda Manhattanda welosiped ýoluna ýük maşynyny sowup, sekiz adamy kakyp öldürendigi üçin, 10 gezek ömürlik tussaglyk we ýene 260 ýyl goşmaça tussaglyk hökümi çykaryldy.
"Bu işdäki ýagdaý, meniň owalda-hyrda görenlerimiň iň agyry bolmasa-da, iň erbetleriniň biri” diýip, ABŞ-nyň etrap kazysy Wernon S. Broderik 34 ýaşly özbek raýaty Saýfullo Saipowa çykarylan hökümi yglande edende aýtdy. Ol bu hüjümiň “Yslam döwleti” toparynyň adyndan amala aşyrandygyny aýdyp, terrorçylykly hüjümiň näderejede agyr bolandygyny nygtamak üçin, aýyplanýana şeýle uzak ýyl kesilendigini belledi. Emin agzalary mart aýynda oňa çykarylan ölüm hökümini ret etdiler.