Estoniýanyň Russiýa bilen serhetde ýerleşýän Narwa şäherinde bir gala diwarynda 9-njy maý güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň suraty we iňlis dilinde "Putin uruş jenaýatçysy" diýen ýazgyly uly plakat ýerldşririldi diýip, Azatlygyň Rus gullugy habar berýär.
Bu plakat Russiýanyň derýanyň beýle tarapynda ýerleşýän Iwangorod şäheriniň ýaşaýjylaryna gowy görünýär.
Plakat suraty galada ýerleşýän Narwa muzeýiniň sosial ulgamlardaky sahypasynda hem ýerleşdirildi.
"Postimees" neşiriniň habaryna görä, bu çäre "Russiýanyň metbugatynda ýaýradylan propagandany we ýalan maglumatlary ýok etmek" maksadyna eýerýän Propastop birleşigi bilen bilelikde taýýarlandy.
Estoniýada, ÝB ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, 9-njy maý Ýewropa güni hökmünde bellenilýär. Faşizmden üstün çykylan güni bolsa 8-nji maýda bellenilýär.