15-nji aprelde, şenbe güni irden Wakaýamada çykyş eden wagtynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida partlaýjy serişde atyldy. Hiç kim ýaralanmady we çäre ýatyryldy.
“Kyodo News”-yň habaryna görä, zyňylan zat tüsse bombasyna meňzeýärdi. Partlama premýer-ministriň goldaw bildirýän dolandyryjy partiýanyň kandidaty bilen gürleşen wagtynda boldy. Bu wakadan soň Kisida ewakuasiýa edildi, hüjümçi polisiýa tarapyndan tussag edildi.
Wideoýazgyda güýçli partlama sesi eşidilýär, adamlaryň gaçýandygy görünýär we birnäçe polisiýa işgäri hüjümçini ýere basýar.
Kisida edilen hüjüm Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Şinzo Abe öldürilenden bir ýyl geçmänkä boldy.
2022-nji ýylyň iýulynda dolandyryjy partiýanyň kandidatyny goldamak üçin geçirilen ýygnakda çykyş eden premýer ministre iki gezek tüpeňden ok atyldy. Abe keselhanada aradan çykdy.