Gazagystanyň Ýokary kazyýeti tussag edilen aktiwisti aklady
Şeýle-de, kazyýet 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda hökümete garşy guralan protestlere gatnaşyjylar üçin yglan edilen köpçülikleýin günä geçişiň, Aştaýew bilen bilelikde, şol bir aýyplama bilen azatlykdan mahrum edilen başga bir aktiwiste, Lazzat Dosmambetowa hem degişlidigini aýtdy.
Geçen ýyl bu iş esasynda tussag edilen üçünji aktiwist Kaýrat Soltanbek, günä geçişiň çäginde, biraz öň tussaglykdan boşadyldy.