Täjik žurnalisti konstitusiýa gurluşyny üýtgetmäge çagyrmakda aýyplanýar
Fozilowyň dogany Huşbaht 13-nji martda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde žurnalistiň bu aýyplamany ret edip, özüniň bigünädigini aýdandygyny gürrüň berdi.
Panjakent şäher häkimliginden we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinde Fozilow bilen baglanyşykly ýagdaý barada düşündiriş alyp bolmady.
Üç çaganyň kakasy, 37 ýaşly garaşsyz žurnalist ýurduň daşynda ýerleşýän birnäçe garaşsyz habar serişdesi, şol sanda “Ahbor” web sahypasy ýaly bilen hyzmatdaşlyk edýärdi.