Türkmenistan Russiýanyň we Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurduna täsir ýetirmek üçin edýän tagallalarynyň öňünde gowuşgynsyz diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň energetika çeşmeleri boýunça kömekçisi Geoffri Pýat (Geoffrey Pyatt) Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde geçirilen diňlenişikde aýtdy.
"Men Türkmenistany Russiýadan we Hytaýdan abanýan ýaramaz täsiriniň öňünde gowuşgunsyz diýip häsiýetlendirerdim” diýip, Pýatt üçünji gün eden çykyşynda aýtdy.
Türkmenistan energiýa eksportyna garaşlylygy sebäpli özüni Hytaýa ýakyndan baglamaly boldy diýip, Pýat belledi.
Pýatyň tassyklamagyna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýanyň energiýa howpsuzlygyny we klimat maksatlaryny güýçlendirmäge çalşyp, sebitdäki betniýet aktýorlara garşy strategiki "agram" hökmünde hyzmat edýär.