Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle-de HZG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýsat edarasy habar berýär.
7-nji martda bolan duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar diýip, habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.
Türkmenistan HZG-niň konwensiýalaryna we şertnamalaryna gatnaşmak bilen, onuň beýleki köptaraplaýyn resminamalaryna hem goşulan ýurt bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 9-njy martda Aşgabatda möwsümleýin meýdan işlerine adalatly işe almak we mejbury zähmete ýol bermezlik, ony gadagan etmek bilen bagly kanunçylyga syn etmek üçin tegelek stol söhbetdeşligi geçiriler.
Türkmen DIM-niň web sahypasynda tassyklanylmagyna görä, taraplar 2023-nji ýylda adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça geçiriljek çäreleriň “ýol kartasynyň” esasy bentleri we olary doly durmuşa geçirmek meselesini maslahatlaşdy.
Şeýle-de, Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde we edaralarynda duşuşyk geçirjegi habar berilýär.
Türkmenistan pagtaçylykda we beýleki oýa hojalyk işlerinde, bag nahallaryny oturtmak ýaly çärelerde, döwlet tarapyndan guralýan dabaralarda mejbury zähmeti giňden ulanmakda tankyt edilýär.