Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň on ýedinji mejlisi geçirildi diýip, hökümetçi neşirler 6-njy martda habar berdi.
Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky döwürde 4 esse artdy we geçen ýylyň jemleri boýunça onuň mukdary milliard dollara golaýlady diýip, Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hodjaýew öz çykyşynda aýtdy we özara söwdanyň mukdaryny has-da artdyryp boljakdygyny belledi.
Hususan-da, Hojaýew Özbegistanyň Türkmenistandan dokma, aýna, himiýa önümleriniň, dökünleriň, energiýa serişdeleriniň we beýlekileriň importyny artdyrmak isleýändigini aýtdy.
Mejlisde türkmen wekillerine hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew ýobaşçylyk etdi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini, oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy, himiýa pudagyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.