Tbilisili protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy
Tankytçylar bu kanunyň kabul edilmeginiň metbugat azatlyklaryna zyýan ýetirjekdigini we ýurdy awtoritarizme tarap iterjekdigini aýdýarlar.
Polisiýa Tbiliside 2-nji martda geçirilen demonstasiýada azyndan 4 protestçini tussag etdi.
Protestçiler “Rus kanuny gerek däl”, “Has köp dönük gerek däl” diýen şygarlara gygyrdylar.
Häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan goldanýan kanun maliýe serişdeleriniň 20%-den gowragyny daşary ýurtlardan alýan islendik guramanyň “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba alynmagyny ýa-da ep-esli möçberde jerime tölemegini talap eder.
Tankytçylar bu kanunyň raýat jemgyýeti toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we metbugat guramalarynyň işini düýpli çäklendiren rus kanuny bilen meňzeşliklerine ünsi çekýärler.
Geçen aý 60-dan gowrak habar beriş serişdesi we raýat jemgyýeti toparlary, kabul edilen halatynda, bu kanuny berjaý etmejekdiklerini aýtdylar.