Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji martda iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna bardy.
Döwlet baştutany saparyň çäklerinde Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşar diýip, TDH habar berýär.
Azerbaýjannyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Sammitiň dowamynda, COVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek üçin edilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle-de, türkmen prezidentiniň Azerbaýjanyň prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.
Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşylar.